Oýun sanawy

Türkmenistanly instruktor Gaagada geçirilen halkara fitnes festiwalynda çykyş etdi

04 Maý. 08:38

Çeşme

Niderlandlar Patyşalygynyň Gaaga şäherinde toparlaýyn fitnes ugrunyň iň iri wakalarynyň biri bolan «Ultimate Global BODYCOMBAT United Event 2026» atly haýyr-sahawat festiwaly tamamlandy. Bu giň gerimli halkara çäresi onkologiki kesellere garşy göreşýänlere ruhy we maddy goldaw bermek maksady bilen guraldy. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen 2 000-den gowrak türgen bäş sagatlap dowam eden ýokary depginli «Les Mills BODYCOMBAT» maşklaryna gatnaşyp, sportuň birleşdiriji güýjüni görkezdiler.

Bu abraýly sport forumynda Türkmenistana eýýäm üçünji gezek ýurduň ýeke-täk halkara şahadatnamaly «Les Mills» instruktory Ýelena Grigorýans wekilçilik etdi. 2024-nji ýyldan bäri bu halkara çärä yzygiderli gatnaşýan ildeşimiz, dabaraly açylyşda ýurdumyzyň döwlet baýdagy bilen çykyp, türkmen fitnesiniň dünýä meýdançasyndaky ornuny tassyklady. Sahna ussatlygy we ýokary hünär derejesi bilen tapawutlanan Ýelena, 50 ýurtdan gelen 150 sany iň saýlama instruktorlaryň hatarynda öz başarnygyny görkezdi.

Çykyşynyň iň täsirli pursatlarynyň birinde Ýelena Grigorýans müňlerçe gatnaşyja ýüzlenip, türkmen paýtagtyndan gyzgyn salam ýollady. Onuň «Aşgabatdan salam kabul ediň!» diýen sözleri sport muşdaklary tarapyndan uly ruhubelentlik we şowhun bilen garşylandy. Bu dabaraly pursat diňe bir türgenleşigiň däl, eýsem halkara dostluk gatnaşyklarynyň hem özboluşly beýanyna öwrüldi. Ýelenanyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen çylşyrymly maşklar ýygnananlara aýratyn energiýa berdi.

Häzirki wagtda Ýelena Grigorýans Türkmenistanda bäş sany halkara fitnes maksatnamasy boýunça ýeke-täk ygtyýarnamaly hünärmen bolup durýar. Onuň karýerasy 2019-njy ýyldan bäri halkara derejesinde ösüşleri başyndan geçirip, Germaniýa, Gazagystan we BAE ýaly ýurtlarda guralan iri çäreler bilen baýlaşdy. Belläp geçsek, paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen fitnes studiýasynda Ýelenanyň ýolbaşçylygynda resmi halkara maksatnamalar boýunça türgenleşikler yzygiderli alnyp barylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌