Oýun sanawy


2025-nji ýylyň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby Türkmenistan boýunça ähli etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda iň ýokary netijeleri gazanan etrap hökmünde ykrar edildi. Bu baha sosial, ykdysady we medeni görkezijileriň jemine esaslanyp berildi.
13-nji fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy O.Berdiliýewa öz çykyşynda bu etrabyň häkimliginiň 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyljakdygyny aýtdy. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Şeýle hem şol resminama bilen 2026-njy ýylyň jemleri boýunça täze bäsleşik yglan edildi.
Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby iň öňdebaryjy etrap diýlip yglan edilip, şol möçberdäki pul baýragyna mynasyp bolupdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň