Oýun sanawy


ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok-yň Amerikadaky bölüminiň gözegçiliginiň ABŞ işewürligine geçmegini tassyklaýan perman gol çekdi. Hytaý kompaniýasy ByteDance 20 göterimden az paý bilen galýar.
TikTok-y dolandyrjak täze bilelikdäki kärhana ABŞ-da dörediler. Kontrollyk paý Amerikaly maýadarlara geçer. Täze ýolbaşçylar geňeşi howpsuzlyk we maglumatlary goramak bilen baglanyşykly talaplara gözegçilik eder.
Trampyň aýtmagyna görä, maýadarlaryň arasynda Larri Ellison (Oracle), Maýkl Dell (Dell) we Rupert Merdok bar. Amerikadaky TikTok $14 milliard möçberinde bahalandyrylýar.
Eger bu şertnama 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli baglaşylmadyk bolsa, TikTok ABŞ-da gadagan ediljekdi. Täze perman bu geçişi resmi taýdan tassyklaýar we TikTok-yň işini dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem okanyň


Resmi Apple dükanynda öňki nesil iPhone modelleriniň bahalary ýokarlandy
10 Sen. 15:35Apple kompaniýasy täze iPhone 18 Pro we iPhone Duo modellerini tanyşdyrandan soňra, özüniň resmi onlaýn-dükanynda öňki nesil smartfonlarynyň bahalaryny täzeledi. Dünýä bazarynda täze flagmanlaryň 100 dollar gymmatlamagy sebäpli, öň çykarylan smartfonlaryň bahalary hem deň derejede ýokarlandyryldy.
Täzelenen nyrhlara görä, iPhone 17e modeliniň bahasy 699 dollara, iPhone 16 bosa 799 dollara ýetdi. Şeýle hem iPhone 17 smartfony 899 dollardan, iPhone Air modeli bolsa 1099 dollardan satlyga hödürlenip başlandy. Adatça bolşy ýaly, kompaniýa öňki flagmanlary bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modellerini resmi dükandan aýyrdy.
Nyrhlaryň bu görnüşde ýokarlanmagy barada bilermenler hem-de Apple kompaniýasynyň öňki ýolbaşçysy Tim Kuk tarapyndan öňümizdäki aýlarda duýdurylypdy. Elektronika önümleriniň gymmatlamagyna emeli aň maglumat merkezleriniň artýan zerurlyklary sebäpli dörän ýat çipleriniň ýetmezçiligi esasy sebäp hökmünde görkezilýär.
Şeýle hem okanyň