Oýun sanawy


2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda ýangyç-energetika pudagynda ýokary görkezijiler gazanyldy. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, ýylyň dowamynda 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz hem-de 8 million 382,3 müň tonna nebit çykaryldy.
Döwlet statistika komitetiniň başlygy D. Amanmuhammedow ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýyllyk meýilnamalary ýerine ýetirişleri boýunça giňişleýin hasabat berdi.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, Türkmenistanda birnäçe nebit önümleriniň öndürilişi ýokarlandy. Dizel ýangyjynyň önümçiligi 9,8 göterim, benziniň öndürilişi 6,2 göterim, kerosiniň öndürilişi 5,4 göterim artdy. Şeýle hem nebit bitumynyň öndürilişi 26,4 göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi bolsa 5,2 göterim ýokarlandy.
Netijede, 2025-nji ýylda Türkmenistan tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak arkaly energetika ulgamynda durnukly ösüş depginlerini üpjün etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.
Şeýle hem okanyň