Oýun sanawy

BRIKS döwletleriniň dünýä ykdysadyýetindäki orny rekord derejä ýetdi

20 Aprel. 15:55

Çeşme

Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) täze hasabatyna görä, BRIKS halkara guramasyna agza ýurtlaryň dünýäniň ykdysady giňişligindäki paýy geçen ýylyň netijeleri boýunça 39 göterimden geçip, taryhy rekordy täzeledi. Bu görkeziji "Uly ýediligiň" (G7) ýurtlarynyň umumy paýyndan 11 göterim ýokary bolup, dünýä ykdysadyýetinde täze güýçler balansynyň kemala gelýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda BRIKS ýurtlarynyň dünýäniň Jemi içerki önümindäki (JIÖ) paýy 39,2 göterime deň boldy. Şol bir wagtda, taryhda ilkinji gezek G7 ýurtlarynyň paýy 28,3 göterime çenli aşaklady. Bu üýtgeşmeler sebitleriň ykdysady ösüş depginleriniň we halkara söwdasyndaky täsirleriniň üýtgemegi bilen baglydyr.

Guramanyň düzüminde dünýä ykdysadyýetine iň uly täsir ýetirýän döwletler hökmünde Hytaý (19,6%), Hindistan (8,2%) we Russiýa (3,4%) öňe saýlandylar. Şeýle hem Indoneziýa we Braziliýa her biri 2,4 göterimlik goşantlary bilen bu halkara blokyň kuwwatyny has-da artdyrdylar. Bu döwletleriň senagat we tehnologiýa ulgamlaryndaky ösüşleri ählumumy JIÖ-niň artmagyna ýardam berýär.

"Uly ýedilik" toparynda bolsa ABŞ (14,6%) we Germaniýa (2,9%) öňdeligi saklaýarlar. Olardan soňra Fransiýa we Beýik Britaniýa degişlilikde 2,2 göterimlik görkezijiler bilen gelýärler. Seljerijileriň pikiriçe, BRIKS ýurtlarynyň ykdysady täsiriniň artmagy geljekde halkara maliýe ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we täze ykdysady hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagyna itergi berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌