Oýun sanawy
TurkmenTravel — 2026: Türkmenistan açyk syýahatçylyk merkezi hökmünde dünýä çykýar
14 Aprel. 10:23Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde halkara “TurkmenTravel — 2026” atly syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçirilýär. Bu çäre ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä derejesinde tanatmak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm platforma bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän syýahatçylar üçin öz gapylaryny giňden açýar hem-de gadymy taryhy, baý medeni mirasy we häzirki zaman şäher gurluşygyny bir bitewi görnüşde görkezýär.
UNESCO sanawyna girizilen Gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç ýaly taryhy şäherler, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň Amul–Merw bölegi bu ýurduň müňýyllyklara uzap gidýän taryhyny görkezýär.
Şol bir wagtda Aşgabat şäheri, özboluşly smart-şäher Arkadag we Awaaza syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň häzirki döwrüniň ösüşini we geljekki mümkinçiliklerini görkezýän möhüm merkezler hökmünde çykyş edýär.
Forumyň dowamynda syýahatçylyk pudagynyň wekilleri, halkara guramalar, awiakompaniýalar, myhmanhana ulgamy we ekspertler gatnaşýar. Ara alnyp maslahatlaşylýan esasy ugurlar — sanly syýahatçylyk, ekosyýahatçylyk, lukmançylyk we bilim syýahatçylygy hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygydyr.
“TurkmenTravel — 2026” halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde we Türkmenistanyň dünýä syýahatçylyk giňişligindäki ornuny berkitmekde möhüm ädim hökmünde çykyş edýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň