Oýun sanawy


Bütindünýä banky Özbegistanyň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak üçin 200 million dollar bölüp berýär
26 Mart. 06:55Bütindünýä banky Özbegistanyň Surhanderýa welaýatynda ulag pudagyny ösdürmäge gönükdirilen täze taslamany maliýeleşdirmek kararyna geldi. «Sinhua» habarlar agentliginiň maglumatyna görä, bu maksat üçin 200 million amerikan dollary möçberinde serişde goýberiler. Taslama ýurduň günorta sebitiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we halkara ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga hyzmat eder.
Bäş ýyllyk möhleti öz içine alýan bu taslamanyň özeni M41 awtoulag ýolunyň 91 kilometrlik bölegini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda iki zolakly bolan bu ýoly dört zolaga çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýoluň geçirijilik ukybyny ep-esli artdyryp, her gün 35 müňe golaý sürüjä we ýolagça bökdençsiz hyzmat etmäge şert döreder. Şeýle hem, sebitdäki 550 müň ýaşaýjy üçin täze iş orunlarynyň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Bütindünýä bankynyň hünärmenleri Özbegistanyň ykdysadyýetinde ulag pudagynyň tutýan ornuna ýokary baha berýärler. Häzirki wagtda bu ulgam ýurduň jemi içerki önüminiň (JIÖ) takmynan 8 göterimini üpjün edýär we 1 milliona golaý adamy durnukly iş bilen üpjün edýär. Soňky on ýyllykda amala aşyrylan özgertmeler netijesinde, ýurduň logistiki mümkinçilikleri we goňşy döwletler bilen ulag gatnaşyklary täze derejä çykdy.
Bu maýa goýum diňe bir ýol gurluşygy däl, eýsem sebitara söwdanyň janlanmagyna we Merkezi Aziýanyň ulag durnuklylygynyň berkemegine hem itergi berer. M41 ýoly Özbegistany goňşy ýurtlar bilen baglanyşdyrýan strategik ähmiýetli geçelge bolup, onuň döwrebaplaşdyrylmagy sebitiň eksport we üstaşyr mümkinçiliklerini giňelder.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.