Oýun sanawy


Meta emeli intellekt bölümlerinde 600 töweregi işgäri azaltmagy meýilleşdirýär
23 Okt. 10:47Meta kompaniýasy emeli intellekt (EI) bilen meşgullanýan bölümlerinde takmynan 600 işgäri azaltmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň resmi hatyna salgylanyp, Axios neşiri habar berdi.
Resminama görä, bu çäreler dolandyryşdaky artykmaç byurokratiýany ýok etmek hem-de iş prosesleriniň çeýeligini ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýar. Kompaniýanyň wekili bu maglumatlary CNBC neşirine tassyklady.
Sazlamalar esasan EI infrastrukturasyna, binýatlaýyn barlaglara we önümleri ösdürmek boýunça taslamalara gatnaşýan işgärlere täsir eder. Şol bir wagtda kompaniýa bu işgärleriň köpüsiniň Meta-nyň beýleki bölümlerinde täze orunlara ýerleşdirilmegine garaşýar.
Şeýle-de, kompaniýa täze döredilen TBD Lab bölümine işgär kabulyny dowam etdirýär. Bu bölüm “süperintellekt” tehnologiýalary boýunça iş alyp barýar diýip, The Verge belleýär.
Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, Meta emeli intellekti ösdürmek ugrunda uly maýa goýumlaryny dowam etdirýär. 2025-nji ýylyň tomsunda kompaniýa Scale AI atly startapa 14,3 milliard dollar maýa goýdy. Onuň esaslandyryjysy we baş direktory Aleksandr Wan häzirki wagtda Meta*-nyň emeli intellekt boýunça direktory wezipesini eýeleýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň