Oýun sanawy

Türkmen lukmanlary koreýleriň adaty lukmançylyk usullary boýunça taýýarlyk okuwyny tamamladylar

03 Dek. 07:12

Çeşme

Türkmenistanda Günorta Koreýanyň Pusan milli uniwersitetinden gelen professorlaryň gatnaşmagynda ýerli lukmanlaryň ukyplaryny ýokarlandyrmaga niýetlenen okuw maslahaty üstünlikli tamamlandy.

Delegasiýanyň düzüminde akupunktura, dermanlyk ösümlikleriň farmakologiýasy hem-de koreý adaty lukmançylygynyň esaslary boýunça tejribeli hünärmenler bardy. Halkara bilim we ylmy merkeziniň binýadynda geçirilen maksatnama dört tapgyrdan ybarat bolup, teoriki sapaklary we amaly görkezijileri öz içine aldy.

Okuw wagtynda gatnaşyjylar koreý lukmançylygynyň anyklaýyş usullaryny, akupunktura we saglygy dikeldiş amallaryny öwrendiler, şeýle hem ösümlik dermanlarynyň peýdalanylyş aýratynlyklary bilen tanşyp, kliniki ýagdaýlary seljerdiler. Şeýle tejribeler alnyp barylýan hünär işlerindäki ukyplaryň kämilleşmegine mümkinçilik berdi.

Guramaçylar bu okuwlaryň türkmen lukmanlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, häzirki zaman bejeriş usullary bilen birlikde adaty usullary hem ornaşdyrmaga hem-de saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendigini bellediler.

Mundan ozal türkmen lukmanlary Pusan milli uniwersitetiniň koreý lukmançylyk hassahanasynda tejribe geçip, däp bolan bejeriş ulgamynyň häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagyna göz ýetirdiler.

Okuw tamamlanandan soň gatnaşyjylara maksatnamany üstünlikli özleşdirendiklerini tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌