Oýun sanawy

Türkmenistan Eýrana lukmançylyk maksatly ynsanperwer kömegini ugratdy

16 Mart. 10:05

Çeşme

Halkara hyzmatdaşlygynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan goňşy Eýran Yslam Respublikasyna nobatdaky ýöriteleşdirilen ýüküni ýollady. Mukaddes Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde amala aşyrylan bu çäre goňşy ýurduň durmuş ulgamyny goldamaga gönükdirilendir. Iberilen kömegiň esasy böleginiň çagalar üçin niýetlenilmegi bu asylly başlangyjyň aýratyn ähmiýetini we anyk maksatlydygyny görkezýär.

Lukmançylyk serişdeleriniň we derman serişdeleriniň ugradylmagy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çakalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan guraldy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda taýýarlanan bu kömek döwrebap dermanlary we beýleki zerur önümleri öz içine alýar. Bu çözgüt Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek baradaky strategik ugrunyň nobatdaky subutnamasydyr.

Ynsanperwer kerwenini ugratmak dabarasyna ýurdumyzyň din wekilleri we hormatly ýaşululary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler kyn pursatda mätäçlere goldaw bermegiň türkmen halkynyň köpasyrlyk asylly ýörelgesidigini bellediler. Türkmenistanyň müftüsi tarapyndan doga-dilegler edilip, bu sogaply işiň sebitde parahatçylygy we dostlugy berkitmäge hyzmat etjekdigi nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary Arkadag şäherine baryp, bu ýerde bina edilýän 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdylar. Olara metjidiň içki we daşky bezeginde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň nusgalary görkezildi. Bu gezekki çäreler toplumy ýurdumyzda ynsanperwerlik kömeginiň hem-de milli ruhy gymmatlyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde berilýän uly ünsi aýdyň beýan edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌