Oýun sanawy


1-nji oktýabrdan başlap, “Türkmenistan” döwlet awiakompaniýasy Aşgabat bilen Türkmenbaşy şäheri arasynda günde ýerine ýetirýän uçuşlarynyň sanyny üçden iki sanyna çenli azaltmak boýunça karar kabul etdi. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda täze tertipnama ýerleşdirildi.
Içerki beýleki ugurlar boýunça uçuş ýygylygy üýtgewsiz galýar. Şeýlelikde, Aşgabat – Balkanabat we Aşgabat – Daşoguz ugurlary boýunça hepde dowamynda bäş uçuş ýerine ýetiriler. Aşgabat – Türkmenabat ugry boýunça alty, Aşgabat – Mary ugry boýunça üç we Aşgabat – Kerki ugry boýunça iki uçuş bellenilendir.
Şeýle hem awiakompaniýa sebit merkezleriniň arasynda göni howa gatnawlaryny üpjün edýär. Daşoguzdan Balkanabata, Türkmenabata we Marýa göni uçarlar bar. Türkmenabat hem Balkanabat bilen baglanyşýar, Mary bilen Kerki bolsa Balkanabat bilen göni uçar gatnawlaryna eýe.
Awiakompaniýanyň bellemegine görä, uçuş wagty tehniki we iş şertlerine baglylykda üýtgäp biler. Käbir agşam uçuşlary bolsa, ertesi gün bellenilen manzylara baryp ýetýär. Takyk maglumatlar we häzirki wagtda hereket edýän uçuş tertipnamasy kompaniýanyň resmi saýtynda ýerleşdirilýär. Yolagçylara öňünden maglumatlary barlamagy maslahat berilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.
Şeýle hem okanyň