Oýun sanawy

В Ташкенте прозвучало произведение туркменского композитора

11 Noý. 05:58

Çeşme

4-nji noýabrda Özbegistan Döwlet Konserwatoriýasynyň Organyň zalynda «Sary Güýç» atly kamer we simfonik saz festivaly çäginde konserd geçirildi. Çykyş etdi «Özbegistan Solistler» Kammer orkestri, ýolbaşçylygynda hormatly artist Anwar Raimjanow.

Konsertiň programmasynda I. S. Bah, K. M. Weber, M. Ravel, R. Nepesow we I. Pinkhasow eserleri ýerine ýetirilýär. Geçirilen esasy waka bolsa türkmen kompozitory, sungatyň at gazanan işgäri Rowşen Nepesowyň «Sungatyň mirasy» atly täze eseri boldy.

Eser melodiýalylygy, emosional çuňlygy we milli reňki bilen tapawutlanýar. «Özbegistan Solistler» Kammer orkestri ýurduň ilgili we meşhur orkestrleriniň biridir.
Rowşen Nepesow türkmen kompozitor mekdebini dowam etdirýär we onuň eserleri dürli konsert zallarynda ýerine ýetirilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌