Oýun sanawy


«Gyrgyzaltyn» kluby Meýlis Diniýewi Türkmenistan milli ýygyndysyndaky ilkinji goly bilen gutlady
20 Noý. 07:28«Gyrgyzaltyn» futbol klubynyň metbugat gullugy, Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýine garşy oýnanda Türkmenistanyň milli ýygyndysy üçin ilkinji goluny geçiren hüjümçi Meýlis Diniýewi aýratyn gutlady.
25 ýaşly hüjümçi duşuşygyň 70-nji minutynda oýna girdi we diňe dokuz minut geçenden soň milli ýygyndydaky ilkinji goluny geçirmäge mümkinçilik tapdy. 79-njy minutda Teýmur Çaryýewiň dogry pasyndan soň duşuşygyň ahyrky hasabyny — 3:1 Türkmenistanyň peýdasyna — ilkinji etdi.
Klubyň resmi ýüzlenmesinde şeýle diýilýär:
«Meýlis Diniýewi milli ýygyndy toparyna çagyrylanlygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Ol oýna girip toparyň güýçlenmegine goşant goşdy we möhüm gol geçirdi. Duşuşyk 3:1 hasaby bilen Türkmenistanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Meýlise buýsanýarys we oňa klub derejede-de, halkara meýdançasynda-da üstünlikleriň ýanyny isleýäris! Alga, çempion!»
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Rowşen Meredow hem futbolçynyň çykyşyny makullap:
«Diniýew meýdana çykdy we özüne tabşyrylan işi ýerine ýetirdi — topary güýçlendirdi» — diýip belledi.
Bu ýeňiş Türkmenistanyň D toparyndaky liderligini saklamagyna mümkinçilik berdi. Topar 12 utuk bilen Taýlandy utuklaryň gatnaşygy boýunça öňe geçýär. Iki ýygyndynyň arasynda geçiriljek jemleýji duşuşyk 2026-njy ýylyň 31-nji martynda Taýlandda bolar.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.
Şeýle hem okanyň