Oýun sanawy


«Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýady Türkmenistanyň ösüş maksatlaryna laýyklykda güýçlendiriler
24 Ýan. 08:52Ozal habar berlişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde wise-premýer B. Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzümine girýän kärhanalarda alnyp barylýan maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirmek boýunça işler barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň «Türkmenturba» önümçilik zawodynyň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen önümçilik işine zerur bolan häzirki zaman enjamlar we degişli himiýa serişdeleri bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça meýilnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi.
Hasabaty diňlän Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň himiýa senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutany «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Türkmenturba» zawodynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen teklipleri goldap, degişli işleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň