Oýun sanawy


Okean barlaglarynda ulanylýan robotlar üçin suwasty lazer zarýad beriş ulgamy döredilýär
15 Iýun. 08:35Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «NUBURU» we Italiýanyň «SunCubes» kompaniýalary suwuň astynda lazer şöhleleriniň üsti bilen simsiz energiýa geçirmek baradaky täze taslamanyň üstünde işläp başladylar. Döredilýän tehnologiýa awtonom suwasty apparatlary, ýörite datçikleri we aragatnaşyk enjamlaryny hiç hili kabel birikdirmesiz elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge şert döreder.
«DEEP LIGHT» diýlip atlandyrylan bu taslama ýokary kuwwatly lazer şöhlelendirijisini hem-de gelýän ýagtylygy guralyň işlemesi üçin zerur bolan tok güýjüne öwürýän kabul ediji moduly öz içine alýar. Inženerler geljekde göni gatnaşyksyz, onlarça metr aralyga çenli durnukly energiýa akymyny amala aşyrmagy maksat edinýärler.
Ulgamyň esasy aýratynlygy — suw gurşawynda beýleki şöhlelere garanyňda has gowy aralaşýan we az ýitgi çekýän gök hem-de gök-ýaşyl spektrli lazerleriň ulanylmagydyr. Taslamanyň optiki bölegini döretmek «NUBURU» kompaniýasynyň düzümindäki «Lyocon S.r.l.» kärhanasyna ynanyldy. Täze çözgüt häzirki wagtda diňe öz akkumulýatoryna bagly bolan we ýörite stansiýalara gaýdyp gelmeli bolýan suwasty robotlaryň awtonom iş möhletini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda taslama ilkinji taýýarlyk tapgyrynda bolup, hünärmenler synag işlerine taýýarlyk görýärler.
Şeýle hem okanyň


Özbegistanda latyn ýazuwyna esaslanýan özbek elipbiýiniň täzelenen we kämilleşdirilen görnüşi tassyklanyldy
Bugün 10:24Özbegistanyň Prezidenti latyn elipbiýine esaslanýan özbek ýazuwynyň täzelenen görnüşini tassyklamak hakyndaky möhüm kanuna gol çekdi. Resmi resminama 2027-nji ýylyň 22-nji aprelinde doly güýje girer. Elipbiýniň täze nusgasy 28 sany harpdan we apostrof belgiden ybarat bolup, ozalky ýazuwda giňden ulanylan käbir harp birleşmelerini aýratyn harplar bilen çalşyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, häzirki wagtda ulanylýan «Sh» harp birleşmesi «Ş», «Ch» — «Ç», «Oʻ» — «Ö», al «Gʻ» bolsa «Ğ» görnüşinde ýazylar, şeýle hem «Ng» birleşmesi elipbiýiň aýratyn birligi hökmünde aýrylar.
Täze kanunyň kabul edilmegi bilen baglylykda, Özbegistanyň Ministrler Kabineti ýakynda täzelenen latyn elipbiýine geçmek boýunça ýörite döwlet maksatnamasyny tassyklamalydyr. Bu maksatnama täze ýazuw düzgünleriniň ýurduň dürli pudaklarnda, şol sanda neşirýatda, maglumat ulgamlarynda we dolandyryş edaralarynda haýsy möhletlerde ornaşdyryljagyny anyk kesgitlər. Kanun güýje giren gününden başlap, ähli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, döwlet edaralary we resmi edaralar resminamalary täze bitewi düzgünler esasynda ýöretmäge borçly bolarlar.
Şeýle hem täze elipbiýe geçiş döwründe ýüze çykyp biljek kynçylyklaryň öňüni almak üçin ýeňillikler göz öňünde tutuldy: 2027-nji ýylyň 22-nji apreline çenli öňki elipbiýde çap edilen resminamalar, pul birlikleri we gymmatly kagyzlar öz güýjüni doly saklar. Döwlet edaralarynyň öňki nyşanlaryny, binalardaky ýazgylary we ýol görkezijilerini bolsa olar fiziki taýdan könelýänçä ýa-da hökümet maksatnamasynda görkezilen möhletlere çenli ulanmaga rugsat berler. Mundan başga-da, täze düzgünlere laýyklykda taýýarlanan mekdep okuw kitaplaryny 2031-nji ýyla çenli çap edip tamamlamak meýilleşdirilýär.