Oýun sanawy


ABŞ wizalary üçin täze talaplar: dowamly keselli adamlar has ünsli seljeriler
15 Noý. 07:36ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy dünýäniň ähli şäherlerindäki konsulhanalara wizalara garalanda dalaşgärleriň dowamly keselleriniň hem göz öňünde tutulmagyny tabşyrypdyr. Döwlet sekretary Marko Rubio tarapyndan gol çekilen resminama laýyklykda, indi saglyk ýagdaýy wizanyň berilmegine täsir edýän şertleriň biri hasaplanar.
The Washington Post-a görä, ret sebäp bolup biläýjek keselleriň hataryna ýürek-damar we dem alyş ulgamynyň keselleri, onkologiýa, süýji keseli, metabolik we nerw ulgamynyň bozulmalary, şeýle-de psihiki ýagdaýlar girýär. Resminamada bu keselleriň bejergisiniň köp halatda örän gymmat bolup, ýüz müňlerçe dollar çykdajy talap edip biljekdigi bellenýär.
Gollanma dalaşgärde semizlik ýagdaýynyň hem aýratyn seljerilmelidigini aýdýar — sebäbi ol ukynyň apnoesi, gan basyşyň ýokarlanmagy we kliniki depressiýa ýaly kynçylyklar bilen baglanyşykly bolup biler. Şeýle hem dalaşgäriň pensiýa ýaşyna ýakynlygy we onuň ýaşamakda üpjün edýän adamlarynyň sany hem göz öňünde tutulmaly.
Ak Tamyň wekili Anna Kelli, Döwlet departamentinde ýüz ýyla golaý wagt bäri «iňňän uly maliýe ýüküne öwrülip biljek» daşary ýurtlulara wizadan ýüz öwürmäge mümkinçilik berýän kada bardygyny aýdyp, Tramp administrasiýasy bu syýasaty «ahyrsoňy doly ýerine ýetirýändigini» belledi.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň