Oýun sanawy

Italiýada dünýäniň iň uly asma köprüsi gurlar

20 Aprel. 03:47

Çeşme

Italiýanyň hökümet derejesinde Messin bogazynyň üstünden geçjek täze asma köprüniň gurluşyk taslamasy tassyklanyldy. Bu desganyň esasy aralygy 3,2 kilometr bolup, ol dünýäde iň uzyn asma köpri hökmünde hasaba alynar. Täze taslama köp ýyllaryň dowamynda meýilleşdirilen strategik infrastruktura çözgüdi bolup durýar.

Taslamanyň umumy maliýe gymmaty 16 milliard dollar möçberinde bellenildi we gurluşyk tapgyryna şu ýylyň dowamynda badalga berler. Desganyň 2033-nji ýylda doly ulanmaga berilmegine garaşylýar. Ol Sisiliýa adasynyň maddy taýdan yklym bilen baglanyşygyny üpjün edip, sebitiň ulag gatnawlaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Inženerçilik aýratynlyklary boýunça bu köpri beýikligi 399 metre ýetýän ägirt uly sütünlere esaslanar. Deňziň düýbünde goşmaça diregleri talap etmeýän bu gurluşyň üsti bilen awtoulag zolaklarynyň altykysy we demir ýol gatnawy üçin iki sany ýörite şaha hereket eder. Bu bolsa diňe bir ýolagçy däl, eýsem iri ýük akymlarynyň hem bökdençsiz geçmegini şertlendirer.

Italiýanyň degişli döwlet edaralary we gurluşykçy kompaniýalar bu desganyň Ýewropanyň bitewi ulag ulgamynyň möhüm bölegine öwrüljekdigini nygtaýarlar. Täze köpri ýurduň günorta sebitleriniň senagat we söwda kuwwatyny artdyrmakda, şeýle hem ýerli ykdysadyýeti janlandyrmakda esasy faktorlaryň biri hökmünde görülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌