Oýun sanawy


“Ak Gaýa” kompaniýasynyň taryhy — yhlaslylygyň, tutanýerliligiň we döwür bilen bilelikde ösüp bilmegiň ajaýyp mysalydyr. Bir wagtlar bazarda gurluşyk garyndylaryny satmakdan başlan ýol, şu gün ýurdumyzyň öňdebaryjy gurluşyk materiallary öndürijileriniň biri bolmagyna getirdi.
Bu ýol 1994-nji ýylda, doganlar Annamyrat we Şamyrat Apowow tarapyndan “Bedew” bazarynda gurluşyk garyndylarynyň söwdasyny amala aşyrmak maksady bilen “Ak Gaýa” hususy kärhanasynyň döredilmegi bilen başlandy. Ilkibaşda olaryň dükany ýokdy — söwda ulagda amala aşyrylýardy.
Yhlas we zähmet bilen 1997-nji ýylda bazarda jaý kireýine alyndy, 2002-nji ýylda bolsa dükany doly satyn alyp, Türkiýeden özbaşdak haryt getirmegi başladylar.
2005-nji ýylda söwda nokatlarynyň sany köpeldi — iki dükan “Altyn Asyr” bazarynda, biri bolsa “Bedew” bazarynda ýerleşýärdi.
2015-nji ýylda kompaniýanyň ösüşiniň täze basgançagy başlandy. Şol ýylda “Ak Gaýa” HK “Ak Gaýa” Hojalyk jemgyýeti görnüşinde täzeden bellige alyndy. Balkan welaýatyndan 25 gektar ýer bölegi gurluşyk garyndylaryny we gips karton öndürýän zawod gurmak üçin peýdalanyşa berildi. Gurluşyk işleri toparyň düzümine girýän “Ak Ýaýla” hojalyk jemgyýeti tarapyndan öz serişdeleriň hasabyna ýerine ýetirildi.
Şol bir wagtda kompaniýa Ahal welaýatyndaky Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat zolagyndan 2,12 gektar ýer bölegini dükanlar we ammarlary gurmak üçin, şeýle-de “Bereket” daýhan birleşiginden 300 gektar ýer bölegini maldarçylyk we iým ekinlerini ösdürmek maksady bilen kärendesine aldy.
2016-njy ýyldan başlap kompaniýa gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwdasyny giňeltdi. 2018–2020 ýyllar aralygynda “Ak Gaýa” öz serişdeleri bilen önümçilik toplumynyň gurluşygyny dowam etdi, häzirki zaman enjamlaryny satyn alyp, gurluşyk garyndylarynyň we gips kartonlaryň önümçiligini ýola goýdy.
2018-nji ýylda kompaniýa öz söwda nyşanyny — “Ak Alçi” şpaklýowka we suwag markasyny bellige aldy.
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Balkan welaýatynda gips karton we gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawod dabaraly ýagdaýda açyldy. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 4 million m² gips karton we 5000 tonna gury garyndy öndürmäge deňdir. Zawod Ispaniýadan, Türkiýeden we Hytaýdan getirilen häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bolup, ähli önümçilik işleri ekologiýa, senagat we howpsuzlyk talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
Bu gün “Ak Gaýa” HJ diňe bir iri önümçilik kärhanasy bolman, eýsem ýurdumyzda iň uly DIY görnüşli gurluşyk harytlary dükanlar ulgamyna hem eýedir. Bu ulgamyň polkalarynda 11 müňden gowrak haryt görnüşi müşderilere hödürlenýär.
Bazarda ulagda söwdadan başlan ýol häzirki zaman zawodynyň gurluşygyna çenli uzan “Ak Gaýa” toparynyň taryhy — zähmetiň, ynanjyň we maksatkeşligiň hakykatdan-da üstünlik getirýändiginiň nusgalyk subutnamasydyr.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň