Oýun sanawy

Türkmenistanda lukmançylyk biliminde täze tapgyr: aýurweda okuw otagy işe girizildi

22 Ýan. 09:50

Çeşme

Türkmenistanda lukmançylyk ulgamynyň bilim mümkinçilikleri giňeldilýär. 20-nji ýanwarda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýöriteleşdirilen «Aýurweda» okuw otagynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Hindistandan gelen wekiller, uniwersitetiň professor-mugallymlary we Türkmenistanda bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş eden Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Nargözel Myratnazarowa hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýokary derejeli wekili Sibi Jorj bu wakanyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Aýurweda Hindistanyň müňýyllyklara uzaýan däp-dessur lukmançylyk ulgamy bolup, häzirki wagtda dünýä boýunça giňden öwrenilýär. Türkmenistanda ýörite okuw otagynyň döredilmegi saglygy goraýyş babatda türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň üstünlikli netijesidir. Bu hyzmatdaşlygyň binýady 2015-nji ýylda Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda goýuldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäginde Aşgabat şäherinde Ýoga we däp-dessur lukmançylygy merkezi hem hereket edýär. Bu merkeziň hünärmenleri Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde «Saglygy goraýyş we adaty däl lukmançylyk» hem-de «Sport lukmançylygy» ugurlary boýunça okaýan talyplar üçin aýurwedanyň esasy ýörelgeleri, ýoga-terapiýa we dermanlyk ösümlikleriň ulanylyşy boýunça okuw sapaklaryny geçirýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌