Oýun sanawy

Apple täze MacBook M5 Pro we iPad Pro bilen tehnologik sepgit goýdy

21 Okt. 09:07

Çeşme

Tehnologiýa ägirdi Apple kompaniýasy täze nəsil MacBook M5 Pro noutbugy we iPad Pro planşetini köpçülige hödürledi. Täze M5 çipi dünýäniň iň tiz prosessory hökmünde ykrar edildi.

MacBook Pro M5 noutbugy önümçilik derejesi boýunça öz öňündäkilerden öňe geçdi:

  • Prosessor (CPU): 10 ýadroly gurluşy bilen M4-den 20%, M1-den bolsa iki esse ýokary öndürijilik görkezýär.

  • Grafik prosessor (GPU): 10 ýadroly bu ulgam, oýun we hünärmen programmalar üçin M4 bilen deňeşdirilende iki esse çalt işleýär.

  • Neural Accelerator tehnologiýasy arkaly 3D modelleme, wideo montaj we render işleri has çalt amala aşyrylýar.

  • Emeli aň (AI) funksiýalary öňki nesil bilen deňeşdirilende üç esse tizlenme gazandy.

  • SSD – iki esse tizlenip, maglumat geçirişini ýokary derejä çykardy.

  • Batareýa – bir zarýad bilen 24 sagada çenli işleýär, bary-ýogy 30 minutda 50% zarýad alýar.

Bu model MacBook Pro taryhyndaky iň ýokary öndürijilik artygyny görkezýär. Täze noutbugyň başlangyç bahasy – $1599. Reňk görnüşleri: kümüş we «kosmos gara».

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌