Oýun sanawy


10-njy oktýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler. Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri hökmünde 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap GDA-nyň başlyklygynyň Türkmenistana geçmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle-de, indiki sammitiň Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi. Sammitde Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Türkmenistan we Özbegistanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Ilki bilen wekiliýet ýolbaşçylarynyň we GDA-nyň baş sekretary Sergeý Lebedewiň gatnaşmagynda dar görnüşde duşuşyk geçiriler, soňra gepleşikler giňişleýin görnüşde dowam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşar, bu bolsa ýurduň GDA çäklerindäki işjeň we bitarap syýasatynyň subutnamasydyr.
Duşuşygyň netijesinde birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär:
2026–2028-nji ýyllar üçin terrorçylyga we ekstremizme garşy hyzmatdaşlyk maksatnamasy;
2030-njy ýyla çenli serhet howpsuzlygyny güýçlendirmek boýunça çäreler toplumy;
2030-njy ýyla çenli harby hyzmatdaşlyk konsepsiýasy;
BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan döwlet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki beýanaty;
Transmilli jenaýatçylyk bilen bilelikde göreşmek boýunça resminamalar.
Şeýle-de, Sergeý Lebedewiň GDA-nyň baş sekretary wezipesindäki ygtyýarlyklarynyň ýene üç ýyllyk möhlete uzaldylmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň Arkalaşyga ýolbaşçylyk etmegi, sebitleýin durnuklylygy, ykdysady hyzmatdaşlygy we ulag-logistika ulgamyndaky arabaglanyşygy ösdürmäge täze mümkinçilikler açar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň