Oýun sanawy


Arkadag şäheriniň ikinji tapgyry: gurluşyk we bezeg işleriniň täze derejesi
08 Mart. 05:35Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherini ösdürmegiň ikinji tapgyrynyň çäginde durmuşa geçirilýän taslamalar bilen ýakyndan tanşdy. Milli Lider täze gurulýan önümçilik binalarynyň, medeni-durmuş maksatly desgalaryň we metjidiň gurluşyk aýratynlyklaryna, olaryň içki bezeg işlerine hem-de enjamlaşdyrylyşyna aýratyn üns berdi.
Hünärmenler tarapyndan hödürlenen şekil taslamalarynda lukmançylyk toplumynyň dolandyryş binalarynyň we söwda merkezleriniň döwrebap görnüşleri öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyz taslamalara degişli düzedişlerini girizip, binalaryň binagärlik keşbinde milli ýörelgeler bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň utgaşmalydygyny belledi. Her bir desganyň reňk sazlaşygy we amatlylyk derejesi boýunça ýokary talaplara laýyk gelmelidigi barada anyk tabşyryklar berildi. Bu iş sapary täze şäheriň diňe bir döwrebap däl, eýsem milli ruhy özünde jemleýän nusgalyk künjege öwrülmelidigini ýene bir gezek tassyklady.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň