Oýun sanawy

BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy goranmak işgärini işe alýar

18 Sen. 06:47

Çeşme

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky (Aşgabatdaky) ilçihanasy goranmak işgäriniň wezipesi üçin işe kabul etmek boýunça bildiriş çap etdi.
Dalaşgärleriň ýaşy 20 bilen 39 ýaşa çenli bolmaly. Iş wagtlaýyn nobatlaýyn esasda ýerine ýetirilýär.
Işgäriň borçlaryna ilçihananyň bina we işgärleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, wideo gözegçilik ulgamlaryny yzygiderli barlamak, ýerleri aýlanyp görmek, ýüze çykýan ýagdaýlara dessine jogap bermek we içki düzgünleri berjaý etmek girýär.
Dalaşgärlerden türgençilik derejesinde sporty taýýarlygyň we söweş sungaty boýunça ussatlyk derejesiniň bolmagy hökmanydyr. Howpsuzlyk ýa-da degişli ugurlarda iş tejribesi bolanlara ileri tutulýar.
Dalaşgärler ýokary fiziki taýýarlykly, ünsli, aragatnaşyk guramak başarnyklaryna eýe bolmaly we çeýe iş tertibinde işlemäge taýýar bolmalydyr.
Hünär derejesinde iňlis dili, şeýle hem türkmen we rus dillerini bilmek zerurdyr.
Gyzyklanýanlar suratly doly terjimehalyny we degişli şahadatnamalarynyň nusgasyny şu elektron salgylara ibermelidirler:
recruitmentdip24@gmail.com we uaembassytm@gmail.com
Arzalaryň soňky kabul edilýän güni — 2025-nji ýylyň 27-nji sentýabry.
Diňe öňki saýlama tapgyryndan geçen dalaşgärler bilen aragatnaşyk saklanylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌