Oýun sanawy

Aşgabatda Milli emeli aň strategiýasyny taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi

06 Mart. 09:12

Çeşme

5-nji martda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanda Milli emeli aň strategiýasyny döretmäge bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň wekilleri bilen bir hatarda, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) halkara bilermenleri gatnaşdylar. Maslahatda ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna emeli aňy ornaşdyrmagyň hukuk binýadyny döretmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek we zerur infrastrukturany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli emeli aň strategiýasy ýurduň 2026–2028-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky Döwlet maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylýar. Bu ugurdaky amaly işler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan utgaşdyrylyp, tehnologiýalary ornaşdyrmakda iň kämil halkara tejribelerinden peýdalanylar.

















NASA-nyň «Habbl» teleskopy älem «köpürjiginiň» içki gurluşyny surata düşürdi

09 Sen. 11:31

Çeşme

NASA-nyň «Habbl» älem teleskopy Ýerden 160 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän Uly Magellan Buludyndaky N44 dumanlygynyň täze suratyny aldy. Altynbalyk ýyldyzlar toparynda ýerleşýän bu dumanlygyň merkezinde 500 müň töweregi ýyldyz hem-de gaz we tozandan ybarat dykyz gabyk bilen gurşalan ägirt uly boşluk ýerleşýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu boşluk güýçli ýyldyz ýelleriniň we täze ýyldyzlaryň partlamalarynyň täsiri astynda emele gelipdir.

Barlagçylar suratyň ýokarky sag tarapyndaky N44F kiçijik köpürjigine aýratyn üns berýärler. Onuň töwereginde özboluşly sütünlerden ybarat gurluşlar we şöhlelenme akymlary görünýär. Bu sebitde entek ömrüniň ilkinji tapgyrynda duran, wodorody geliý elementine öwrüp başlamadyk 30 müň töweregi örän ýaş ýyldyz ýüze çykaryldy.