Oýun sanawy


Russiýanyň «Max» aragatnaşyk platformasy öz gerimini giňeldip, dünýäniň 40 ýurdunda hasaba durmak mümkinçiligini döretdi. Indi bu messenjeriň hyzmatlaryndan Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Wýetnamyň, Tailandyň, Indoneziýanyň, şeýle-de Kuba, Yrak we Wenesuela ýaly döwletleriň ykjam aragatnaşyk operatorynyň abonentleri peýdalanyp bilerler.
Hasaba alyş tapgyry örän ýönekeýleşdirilen görnüşde amala aşyrylýar: ulanyjy ilki bilen programmany ýükläp almaly, öz ýurduny saýlamaly we telefon belgisini girizmeli. Şondan soňra, SMS arkaly gelýän ýörite tassyklama kody bilen hasaby işjeňleşdirip bolýar. Bu ädim messenjeriň halkara derejesindäki ornuny berkitmäge we dürli sebitlerdäki ulanyjylar üçin täze aragatnaşyk mümkinçiliklerini hödürlemäge gönükdirilendir.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň