Oýun sanawy


Toyota kysymly awtoulaglar Türkmenistanyň awtoulag bazarynyň takmynan 60–70 göterimini eýeleýär. Bu görkeziji olaryň öz watany bolan Ýaponiýa bilen deňeşdirilende has ýokarydyr, sebäbi Ýaponiýada bu marka 50 göterimden hem az paýy düzýär.
Bu maglumatlar Aşgabat şäherinde geçirilen dabaraly kabul edişlikde beýan edildi. Çäräni Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy imperator Naruhitonyň doglan güni mynasybetli gurady. Dabarany Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hiroshi alyp bardy.
Ilçihananyň maglumatlaryna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistana iberilen ýapon eksportynyň takmynan 50 göterimi awtoulaglaryň paýyna düşdi. Şeýlelikde, Toyota awtoulaglary Türkmenistanda Ýaponiýanyň özündäkiden hem has giňden ulanylýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.
Şeýle hem okanyň