Oýun sanawy

«Toyota» awtokonserniniň global söwdasy alty aý bäri peselmegini dowam etdirýär

30 Awgust. 18:22

Çeşme

Ýaponiýanyň «Toyota Group» awto-ägirdi 2026-njy ýylyň iýul aýynda dünýä boýunça awtomobil satyşyny 5,3 göterim azaldyp, 912 müň 683 görkezijä düşürdi. «Bloomberg» gullugynyň habar bermegine görä, bu «Daihatsu» markasyny hem öz içine alýan kompaniýanyň satuw görkezijileriniň yzygiderli altynjy aý peselişidir. Şol bir wagtda holdingiň umumy önümçilik göwrümi hem 1,4 göterim kemelip, 934 müň 953 ulaga deň boldy.

Gelýän girdejileriň peselmegine birnäçe esasy sebäpler täsir etdi:

Ýangyç bahalarynyň ýokarlanmagy: Dünýäde ýangyjyň gymmatlamagy adaty içinden ýanýan dwigatelli ulaglara bolan islegi keskin azaltlandyrdy we Ýakyn Gündogardaky satuwlaryň tas 45 göterim düşmegine getirdi.

Hytaý bazaryndaky bäsdeşlik: Ýerli elektromobil brendleriniň ösmegi sebäpli «Toyota» hem-de «Lexus» markalarynyň Hytaýdaky söwdasy iýulda göni 24 göterim aşak düşdi.

Şeýle-de bolsa, brend Ýewropa we Ýaponiýa bazarlarynda gibrid modellerine bolan uly isleg saýasynda ýitgileriň bir böleginiň öwezini doldurmagy başardy. Kompaniýa ýyl sonuna çenli 5 milliondan gowrak gibrid ulag satmagy meýilleşdirýär. Beýleki ýapon öndürijilerinden «Honda» ABŞ-daky ösüşi saýasynda global söwdasyny 3,4 göterim artdyran bolsa, «Nissan» brendiniň umumy satuwlary 17 göterim töweregi azaldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌