Oýun sanawy

NASA Aýyň üstünde hemişelik baza gurmak üçin ägirt uly serişde bölüp berýär

26 Mart. 11:20

Çeşme

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Milli aeronawtika we kosmos edarasy (NASA) Ýeriň tebigy hemrasynda durnukly şertleri döretmek maksatnamasyny täze tapgyra çykardy. «Bloomberg» agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, Aýyň ýüzünde ylmy-barlag bazasyny gurnamak üçin takmynan 20 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Bu taslama adamyň älem giňişligini özleşdirmek taryhynda iň gymmat bahaly we çylşyrymly başlangyçlaryň biri bolar.

«Artemis» diýlip atlandyrylýan bu giň gölemli maksatnamanyň esasy tapawudy diňe bir astronawtlaryň Aýa gonmagy bilen çäklenmän, eýsem ol ýerde adamlaryň uzak wagtlap ýaşamagy we işlemegi üçin ähli zerur üpjünçilik ulgamlaryny döretmekden ybaratdyr. Taslamanyň jikme-jiklikleri eýýäm Waşingtonda halkara hyzmatdaşlara, potratçylara we beýleki döwletleriň wekillerine tanyşdyryldy. Bu strategik ädim geljekde Marsa guruljak uçuşlar üçin hem möhüm tejribe meýdançasy bolar.

Maksatnamanyň ýakyn geljekdäki iň möhüm bölegi «Artemis II» missiýasydyr. Bu soňky 50 ýylyň dowamynda adamlaryň gatnaşmagynda Aýa amala aşyryljak ilkinji uçuş bolar. Dört adamdan ybarat ekipaž Ýeriň hemrasynyň daşyndan aýlanyp, kosmos gämisiniň ulgamlaryny we geljekde Aýyň ýüzüne howpsuz gonmak üçin zerur bolan innowasion tehnologiýalary synagdan geçirerler.

Bu halkara kosmos taslamasy ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny bir ýere jemleýär. Bölüp berilýän serişdeler diňe bir tehniki enjamlary däl, eýsem astronawtlaryň howpsuzlygyny we iň kyn şertlerde ýaşaýyş ukybyny üpjün etjek ylmy barlaglary hem öz içine alýar. Aý bazasynyň gurulmagy adamzadyň älem baradaky bilimlerini düýpli özgerder we täze ylmy açyşlara ýol açar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌