Oýun sanawy

Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumy bina ediler

22 Aprel. 03:57

Çeşme

Arkadag şäheriniň çäginiň yzygiderli giňemegi bilen, geljekde bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň döwrebap binalar toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu baradaky başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan şäherde geçirilen soňky iş maslahatynda yglan edildi. Täze ýokary okuw mekdebiniň Arkadag şäherinde ýerleşdirilmegi sebitiň ylmy-bilim kuwwatyny artdyrmaga we oba hojalyk hünärmenlerini täzeçe taýýarlamaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda täze guruljak uniwersitet toplumynyň ýerleşjek ýeri we binagärlik aýratynlyklary bilen bagly meseleler hünärmenler tarapyndan içgin öwrenilýär. Taslamada okuw binalaryndan başlap, ylmy-barlag merkezlerini we talyp şäherçesini özünde jemleýän tutuş bir toplumyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu bilim ojagynda sanly tehnologiýalary oba hojalygyna ornaşdyrmak we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça giň gerimli barlaglar alnyp barlar.

Milli Lideriň nygtaýşy ýaly, Oba hojalyk uniwersitetiniň açylmagy Arkadag şäheriniň medeni-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrar. Ýaşlaryň iň döwrebap şertlerde bilim almagy üçin dörediljek bu mümkinçilikler, geljekde ýurduň agrar pudagyny ösdürjek ýokary hünärli işgärleriň ýetişmegine itergi berer. Şeýlelikde, Arkadag şäheri diňe bir dolandyryş we durmuş merkezi bolman, eýsem iri ylym we bilim merkezine hem öwrüler.

Täze uniwersitet toplumynyň gurluşygy akylly şäher konsepsiýasynyň bilim ulgamyndaky dowamy bolar. Bu ýerde bilim aljak talyplar nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyryp, önümçilige döwrebap çemeleşmeleri öwrenmäge mümkinçilik alarlar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň oba hojalyk syýasatynyň täze belentliklere çykýandygynyň we ýaş hünärmenlere bildirilýän uly ynamyň aýdyň subutnamasydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

92 ýaşynda ilkinji gezek agtykly bolan amerikan raýaty Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

24 Okt. 09:04

Çeşme

Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde doglan 96 ýaşly amerikaly Normand Tusinýan 92 ýaşap, 24 gün geçenden soň ilkinji gezek baba bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň bu seýrek rekordy resmi taýdan awgust aýynda, ýagny ýaşulynyň 96 ýaşyny belledigi döwürde ykrar edildi. Normandyň ýeke-täk agtygy Medison 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä indi. Gyzy Kerriniň aýtmagyna görä, agtygynyň dünýä inmegi kakasyna hakyky manysynda täzeden ýaşaýyş we egsilmez ruhi kuwwat berdi. Mundan öňki rekord 91 ýaş we 209 günlük wagtynda ilkinji gezek ata/baba bolan awstraliýaly Çarlz Smite degişlidi.

Normand 17 çagaly katolik maşgalasynda ulalyp, zähmet ýolunyň köp bölegini kliniki psiholog hökmünde geçirdi. Ol 1985-nji ýylyň Söýgüliler gününde «The Washington Post» gazetiniň redaktory Meri Luiza bilen adagly bolup, bäş ýyldan soň olaryň Kerri atly gyzy dünýä indi. Şol wagt Normand tas 60 ýaşyndady. Pensiýa çykandan soň gyzynyň terbiýesi bilen esasan özi meşgullanan Normand elmydama yaş görünýändigi we ruhy taýdan juwandyggy bilen tapawutlanypdyr.

Häzirki wagtda Normand we Meri Luiza Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherinde ýaşaýarlar. Olar maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna has golaý bolmak maksady bilen Wirjiniýadan bu ýere göçüp geldiler. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 96 ýaşly baba öz wagtyny kitap okamak, tapmaçalar çözmek hem-da söýgüli agtygy we maşgalasy bilen bile geçirmekden uly lezzet alýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌