Oýun sanawy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Erasmus+ HWCA taslamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy

02 Iýul. 16:17

Çeşme

Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň wekilleri «Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» diýen at bilen amala aşyrylan Erasmus+ HWCA halkara ylmy-bilim taslamasynyň jemleýji resmi çäresine gatnaşdylar. Guramaçylaryň beren resmi maglumatyna görä, bu halkara akademiki duşuşyk Gyrgyzystanyň iň gözel künjekleriniň biri bolan Yssyk kölüň kenarynda ýerleşýän «Ton Azure» oteller toplumynda ýokary derejede guraldy.

Sebitleýin we halkara ähmiýetli bu iri bilim taslamasyny utgaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek wezipesi Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasy tarapyndan üstünlikli amala aşyryldy. Bu sebitara platformasy diňe bir talyplaryň ýa-da mugallymlaryň däl, eýsem suw we ekologiýa meseleleri boýunça halkara ekspertleriň tejribe alyşmagyna gönükdirilen esasy innowasion we ylmy meýdança hökmünde çykyş etdi.

Strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralan bu maslahatda Türkmenistanyň adindan taslamanyň rəsmi hyzmatdaşlary bolan Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti wekilçilik etdiler. Şeýle hem çäre öz meýdançasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we birnäçe Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryny, professor-mugallymlaryny hem-de abraýly ylmy bilermenlerini bir ýere jemlemegi başardy.

Gepleşikleriň we ylmy işleriň barşynda gatnaşyjylar taslamanyň köpýyllyk durmuşa geçirilişi baradaky giňişleýin hasabatlaryny hödürläp, onuň amaly netijelerini we sebit üçin bähbitli taraplaryny düýpli maslahatlaşdylar. Gyrgyzystanyň Diplomatiýa akademiýasy utgaşdyryjy hökmünde umumy hasabatyny tanyşdyran bolsa, Gazak-German uniwersiteti Sebitleýin barlaglar we yzygiderli ösüş maksatnamasynyň esasy ugurlaryny açyp görkezdi. Şonuň bilen bir wagtda «IHE Delft» suw ulgamlary instituty, Bergamo uniwersiteti we Reýms Şampan-Arden uniwersiteti ýaly Ýewropanyň iri ylmy merkezleri bilim innowasiýalaryny ornaşdyrmak boýunça öz tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň resmi hasabatynda bellenilişi ýaly, Erasmus+ HWCA halkara taslamasyna işjeň gatnaşmak ýokary okuw mekdebine suw hojalygy we ekologiýa ugurlary boýunça inženerleri taýýarlamak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga uly ýardam etdi. Taslamanyň netijesinde okuw meýilnamalaryna häzirki zaman howa diplomatiýasynyň we durnukly ekologiýanyň möhüm elementleri üstünlikli girizildi hem-de professor-mugallymlaryň halkara ylmy-barlag mümkinçilikleri we akademiki gatnaşyklary has-da giňeldildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌