Oýun sanawy


Hywada Hytaýyň Lýaonin mugallymçylyk uniwersitetiniň şahamçasy açylýar
09 Okt. 12:36Özbegistanyň Hywa şäherinde Hytaýyň Liaonin mugallymçylyk uniwersitetiniň täze şahamçasy öz işine başlaýar. Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrliginiň hem-de Ürgenç döwlet uniwersitetiniň bilelikdäki taslamasy hökmünde döredilýän bu ýokary okuw mekdebinde 2030/2031-nji okuw ýylyna çenli kabul edilecek ähli talyplar doly döwlet granty esasynda mugt bilim alarlar. Okuwlar özbek, hytaý we iňlis dillerinde alnyp barylyp, 2027-nji ýyldan başlap emeli aň ugry boýunça hem täze maksatnamalar ornaşdyrylar.
Mundan başga-da, şahamça Horezm sebitiniň kollejleri we tehnikumlary bilen syýahatçylyk hem-de maglumat tehnologiýalary ugurlary boýunça işjeň hyzmatdaşlyk eder. Uçurymlara Özbegistanda we Hytaýda deň derejede ykrar edilýän diplomlar gowşurylyp, ýerli mugallymlar üçin 1,5 tarif koeffisiýenti möçberinde ýokarlandyrylan zähmet haky belleniler.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.