Oýun sanawy

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary täze okuw ýylynda noutbuklar bilen üpjün ediler

02 Maý. 12:27

Çeşme

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň birinji synpyna barýan okuwçylara noutbuk sowgat bermek baradaky asylly däp täze okuw ýylynda hem dowam etdiriler. Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň dowamynda degişli Karara gol çekip, bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmäge gönükdirilen nobatdaky möhüm ädimi ätdi. Bu karar ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Resminama esasynda, Bilim ministrligine ýurduň öňdebaryjy it-kärhanalary bolan «Agzybirlik tilsimaty» we «Aýdyň gijeler» bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu kärhanalar tarapyndan öndürilen ýokary hilli noutbuklaryň satyn alynmagy, olaryň bilim edaralarynda gurnalmagy we tehniki hyzmatynyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar. Ähli taýýarlyk işlerini 2026-njy ýylyň 1-nji awgustyna çenli doly tamamlamak wezipesi goýuldy.

Bilim ulgamyndaky üstünlikler barada aýdylanda, 2026-njy ýylyň başyndan bäri türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki olimpiadalarda jemi 807 medal gazanandygy bellenildi. Döwlet Baştutany bu görkezijileriň bilim bermekde innowasion usullaryň netijelidigini tassyklaýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, täze okuw ýylyna çenli noutbuklaryň paýlanyşynyň bökdençsiz amala aşyrylmagy üçin degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Ýaş nesliň sanly tehnologiýalardan erkin baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň özeni bolup durýar. Birinji synp okuwçylaryna berilýän bu sowgatlar bilim ulgamyny doly sanlylaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegidir. Şeýle çäreler ýurduň ähli sebitlerinde çagalara dünýä derejesindäki bilimleri özleşdirmekde deň şertleri we amatly mümkinçilikleri döretmäge hyzmat edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌