Oýun sanawy

Türkmenistanda talyplar üçin «Hünäri boýunça rus dili» atly täze okuw kitaby neşir edildi

25 Mart. 05:35

Çeşme

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen «Hünäri boýunça rus dili» atly täze okuw kitaby çapdan çykdy. T. Babaewa tarapyndan taýýarlanan bu gollanma, ýurduň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we hünärmenleriň dil ukyplaryny kämilleşdirmek ugrundaky ädimleriň dowamy boldy. Okuw kitaby geljekki hünärmenlere öz ugurlary boýunça rus dilinde erkin aragatnaşyk saklamaga ýardam eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatyna görä, bu neşir ýörite dil hünäri bolmadyk ugurlarda bilim alýan talyplar üçin niýetlenendir. Hususan-da, «Halkara ykdysady gatnaşyklary» ýaly möhüm ugurlaryň talyplary bu gollanmany öz okuw maksatnamalarynda işjeň ulanyp bilerler. Kitap jemi 136 okuw sagadyna niýetlenip, talyplaryň diňe bir söz baýlygyny däl, eýsem hünär başarnyklaryny hem ösdürmäge gönükdirilendir.

Okuw gollanmasynyň mazmuny amalyýet bilen berk baglanyşyklydyr. Onda işewürlik hat-habarlaryny ýöretmek, dürli görnüşli resmi resminamalary taýýarlamak, halkara derejesindäki gepleşikleri geçirmek we täsirli tanyşdyryş çykyşlaryny gurnamak ýaly wajyp mowzuklar öz beýanyny tapýar. Bu bolsa talyplara okuwy tamamlanlaryndan soňra, iş ýerlerinde rus dilini hünär derejesinde ulanmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, kitapda talyplaryň özbaşdak işlemegi we bilimlerini berkitmegi üçin niýetlenen ýörite tekstler we amaly ýumuşlar ýerleşdirilipdir. Bu usulyýet talyplaryň seljeriş ukyplaryny ösdürmäge we täze maglumatlary özbaşdak özleşdirmäge şert döredýär. Täze okuw kitaby Türkmenistanyň ýokary bilim edaralarynda okatmagyň hilini has-da ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌