Oýun sanawy

TDU-da halkara ekologiýa forumy badalga aldy: Häzirki zaman howa meseleleri üns merkezinde

04 Iýun. 16:32

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guralan «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň dabaraly açylyşy boldy. Ýokary okuw mekdebiniň resmi internet sahypasynyň habar bermegine görä, bu çäre ekologiýa innowasiýalaryny kämilleşdirmek we global howa meýilnamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda tejribe alyşmak üçin täze platforma öwrüldi. Umumy mejlisde häzirki zaman ekologiýa syýasatynyň iň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara maslahata dünýäniň 25 döwletinden, şol sanda Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden hem-de Merkezi Aziýa ýurtlaryndan daşary ýurtly hünärmenleriň we alymlaryň uly topary gatnaşýar. Daşary ýurtlaryň 60 sany iri uniwersitetleriniň we abraýly ylmy-barlag merkezleriniň adyndan jemi 130 sany wekil paýtagtymyza ýygnandy. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy edaralaryndan hem ekologiýa ulgamynda ýöriteleşen 217 sany barlagçy alym bu wajyp foruma işjeň goşuldy.

Umuman alanyňda, bu ylmy foruma 26 döwletiň 86 sany ylym-bilim edaralaryna wekilçilik edýän professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň, aspirantlaryň we doktorantlaryň 347-si gatnaşýar. Şeýle giň wekilçilikli düzüm maslahatda öňe sürülýän ylmy garaýyşlaryň dünýä derejesindäki ähmiýetini has-da durnuklaşdyrýar. Gatnaşyjylar özara hyzmatdaşlygyň çäginde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amaly we teoretiki tejribelerini paýlaşýarlar.

Ylmy forumyň indiki gün tertibinde işler ýöriteleşdirilen sekariýalarda, ýagny daşky gurşawy goramakda häzirki zaman biliminiň orny, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak we biologiýa dürlüligini gorap saklamagyň innowasion usullary ýaly dört sany esasy ugyr boýunça dowam eder. Bölümçelerdäki çykyşlar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze ylmy çäreleri işläp taýýarlamaga we olary amalyýete ornaşdyrmaga uly itergi berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌