Oýun sanawy

Сокровища древнего Туркменистана: уникальная экспозиция в Капитолийских музеях Рима

07 Mart. 12:00

Çeşme

Italiýanyň paýtagtyndaky meşhur Kapitoliý muzeýinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik ekspozisiýa öz işini dowam etdirýär. Geçen ýylyň güýzünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan bu sergi türkmen we italýan alymlarynyň 30 ýyllyk bilelikdäki ylmy gözlegleriniň miwesidir.

Sergide gadymy Marguş döwrüne hem-de Parfiýa patyşalygyna degişli bolan 150 sany gymmatly eksponat görkezilýär. Olaryň arasynda Goňurdepeden tapylan altyn şaý-sepler we Nusaý galasynyň meşhur piliň süňkinden ýasalan ritonlary aýratyn orun tutýar. Bellärlikli tarapy, bu gymmatlyklaryň köpüsi ýurdumyzyň çäklerinden daşarda ilkinji gezek köpçülige hödürlenýär. Gadymy taryhyň sahypalaryny açyp görkezýän bu medeni çäre şu ýylyň aprel aýyna çenli rimlileri we şäheriň myhmanlaryny haýran galdyrmagyny dowam eder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌