Oýun sanawy

Türkmenistan we Russiýa diplomatik bilim ulgamynda gatnaşyklary giňeltmäge ylalaşdylar

25 Aprel. 06:31

Çeşme

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň (HGI) wekilleriniň Russiýanyň paýtagtyna amala aşyran saparynyň çäklerinde iki döwletiň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylmy-bilim hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryldy. Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (MGIMO) geçirilen gepleşiklerde taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini seljerip, hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Iş duşuşyklarynyň dowamynda talyplaryň we professor-mugallymlar düzüminiň ykjamlygyny üpjün etmek, şeýle hem energetika diplomatiýasy we halkara syýasaty ýaly möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki okuw maksatnamalaryny döretmek meselelerine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, taraplar ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürüp, bu ugurdaky tejribe alyşmalaryň ähmiýetini bellediler.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi. Taraplar ylym we bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň döwletara dialogyň möhüm sütünini düzýändigini nygtap, geljekde bu gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny tassykladylar.

Saparyň ahyrynda guralan ylmy maslahatda türkmen dilini öwrenýän rus talyplary we rus ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen pikir alyşmalar boldy. Netijede, täze okuw gollanmalaryny taýýarlamak we ylmy barlaglaryň netijelerini özara neşir etmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bu ädimler iki ýurduň diplomatik kadrlar korpusyny taýýarlamakda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny aňladýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌