Oýun sanawy


Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby halkara olimpiadasynda birinji orny eýeledi
01 Maý. 05:12Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Medine Sopytaganowa rus dili boýunça Russiýada geçirilen «Homo dicens» atly abraýly halkara olimpiadasynyň ýeňijisi boldy. Moskwa şäher pedagogik uniwersiteti tarapyndan guralan bu ylmy bäsleşikde türkmen talyby özüniň ýokary bilim derejesini görkezip, birinji orna hem-de I derejeli diploma mynasyp boldy.
Medine taryh fakultetiniň dördünji ýylynda okaýar we ol mundan ozal hem köp sanly döwlet we halkara derejesindäki intellektual bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip gelýär. Onuň gazanan bu nobatdaky ýeňşi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Halkara ýaryşyň gerimi örän giň bolup, oňa Russiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Serbiýadan we beýleki birnäçe döwletlerden jemi 200-e golaý talyp gatnaşdy. Şeýle güýçli bäsdeşleriň arasynda türkmenistanly talybyň iň ýokary netijäni görkezmegi halkara bilmenler tarapyndan hem ýokary baha berildi.
Bäsleşigiň iki tapgyrynyň dowamynda gatnaşyjylaryň dil baýlygy we ylmy taýýarlygy barlanyldy. Medine Sopytaganowa özüne berlen çylşyrymly ýumuşlaryň hötdesinden gelip, eminler toparynyň ünsüni çekmegi başardy. Bu üstünlik Türkmenistanyň halkara bilim giňişligindäki ornuny berkitmäge we ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam eder.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.