Oýun sanawy

Halkara žurnalistika mekdebi: Türkmen talyby Duşenbede tejribe toplady

14 Iýul. 08:08

Çeşme

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Täjigistandaky Maksatnamalar edarasynyň guramagynda hem-de Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen geçirilen tomusky žurnalistika mekdebinde türkmen talyby üstünlikli wekilçilik etdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Orazow 28-nji iýun — 12-nji iýul aralygynda Duşenbe şäherinde guralan bu halkara okuw maksatnamasyna gatnaşdy.

Maksatnama sebitiň ýaş media hünärmenleriniň we geljekki žurnalistleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Okuwlaryň dowamynda häzirki zaman KHS-leriniň ösüş ugurlary, professional etika, media sowatlylygy we häzirki döwrüň iň uly meseleleriniň biri bolan galp maglumatlara (feyklere) garşy göreşmegiň netijeli usullary barada amaly we nazary sapaklar guraldy. Gatnaşyjylar okuwyň çäklerinde Täjigistanyň «Safina» döwlet teleýaýlymyna baryp, telewideniýäniň iş tejribesi bilen ýakyndan tanyşdylar.

Okuw maksatnamasynyň netijesinde ýaş türkmen žurnalisti Ýusup Orazowa halkara şahadatnama gowşuryldy. Bu waka ýurdumyzyň ýaş hünärmenleriniň halkara media giňişliginde tejribe alyşmagyna we täze hünär endiklerini özleşdirmegine ýene-de bir oňaýly mümkinçilik döretdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌