Oýun sanawy

Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara bäsleşiklerinde gazanan görkezijileri seljerildi

02 Maý. 07:11

Çeşme

2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň mekdep okuwçylary we talyplary halkara intellektual bäsleşiklerde uly sepgitlere ýetdiler. Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde berlen maglumatlara görä, ýanwar — aprel aýlary aralygynda ýurdumyzyň wekilleri dürli ders olimpiadalarynda jemi 807 sany medala mynasyp boldular. Bu görkeziji milli bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki bäsdeşlik ukybynyň barha ýokarlandygyny subut edýär.

Hasabat döwründe diňe bir daşary ýurtlarda geçirilen bäsleşiklere gatnaşmak bilen çäklenilmän, eýsem ýurduň içinde hem iri halkara çäreleri guraldy. Hususan-da, ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda 6 sany halkara olimpiada we 7 sany ylmy-amaly maslahat geçirildi. Şeýle-de, mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan III Halkara matematika olimpiadasy zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda we tejribe alyşmakda möhüm meýdança öwrüldi.

Ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda hem innowasion ösüşler dowam etdirilýär. Lukmançylyk ylmynda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň täze usullary amalyýete ornaşdyrylýar. Aýratyn bellemeli zat, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen mätäç çagalara zerur bolan çylşyrymly operasiýalar we bejergiler yzygiderli amala aşyryldy. Bu bolsa ýurduň durmuş syýasatynyň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýandygyny görkezýär.

Sport äleminde hem türkmen türgenleri ýokary netijeleri görkezip, halkara ýaryşlarda 169 medal gazandylar. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bilim ojaklarynda innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan nesli kemala getirmegiň we sport desgalarynyň netijeli ulanylmagynyň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny we iş usullaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak barada anyk tabşyryklar berildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌