Oýun sanawy


«Men Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda köpri bolmak isleýärin» — Lançjoudaky türkmen mugallymynyň üstünlik ýoly
30 Mart. 08:42Türkmenistanly Jahan Saryýewa Hytaýyň Lançjou ulag uniwersitetinde bilim alyp, şol ýokary okuw mekdebinde hytaý dili mugallymlygyna çenli abraýly ýoly geçmegi başardy. Ol häzirki wagtda bu uniwersitetde hytaý dilini daşary ýurt dili hökmünde okatmak boýunça resmi hünär şahadatnamasyny alan ýeke-täk daşary ýurtly hünärmen bolup durýar. Onuň bu üstünligi türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde nähili ýokary sebitlere ýetip biljekdiginiň aýdyň mysalydyr.
Jahan Saryýewanyň Hytaý bilen tanyşlygy 2008-nji ýylda, Lançjou ulag uniwersitetine okuwa giren ilkinji on iki sany türkmen talybynyň biri bolan wagtyndan başlandy. Hytaýyň gadymy medeniýetine, Konfusiýniň pelsepesine we Beýik Hytaý diwaryna bolan gyzyklanmasy ony bu uzak ýola atlandyrdy. Şondan bäri geçen ýyllaryň dowamynda diňe bir Jahan däl, eýsem bu uniwersiteti Türkmenistandan 200-den gowrak uçurym tamamlap, dürli ulgamlarda zähmet çekip gelýärler.
2019-njy ýyldan bäri Jahan Saryýewa uniwersitetiň halkara bilim institutynda mugallymçylyk we dolandyryş işlerini alyp barýar. Köp dilli bolmagy oňa dünýäniň dürli künjeklerinden gelen talyplar bilen dilleşmäge mümkinçilik berýär: ol Merkezi Aziýaly we Russiýaly talyplar bilen rus dilinde, Ýewropadan we Afrikadan gelen ýaşlar bilen bolsa iňlis dilinde erkin söhbetdeş bolýar. «Sinhua» agentligine beren interwýusynda ol: «Dürli dilleri bilmegim we medeniýetlere düşünmegim maňa dünýä bilen aragatnaşyk köprülerini gurmaga ýardam edýär» diýip, öz işiniň ähmiýetini nygtady.
Onuň hyzmatlary diňe bir uniwersitet derejesinde däl, eýsem sebit derejesinde hem ykrar edildi. 2022-nji ýylda Jahan Gansu prowinsiýasynyň hökümetiniň «Dunhuan» baýragyna mynasyp boldy. Bu abraýly sylag sebitiň ylmy-bilim we hünärmen taýýarlamak ulgamyna goşant goşan iň oňat daşary ýurtly hünärmenlere berilýär. Mundan başga-da, Jahan «Daşary ýurtly hünärmenleriň kitap öýüniň» ýanyndaky kitap söýüjiler klubyna ýolbaşçylyk edip, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we intellektual gatnaşyklaryň ösmegine hyzmat edýär.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.