Oýun sanawy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky uniwersitetde döwrebap «Lu Ban ussahanasy» işe girizildi

17 Aprel. 03:35

Çeşme

Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde türkmen-hytaý bilim hyzmatdaşlygynyň täze nusgasy bolan «Lu Ban ussahanasynyň» dabaraly açylyşy boldy. Bu taryhy çärä HHR-niň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem-de ýurdumyzyň degişli ýolbaşçylary gatnaşdylar. Täze merkeziň açylmagy ýokary derejeli inžener hünärmenlerini taýýarlamakda uly ylym-bilim binýadyny emele getirýär.

Açylyş dabarasynda myhmanlar ussahananyň düzümindäki biologiýa tejribehanasynyň we maglumat-tehnologiýalar otagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Hytaýly hünärmenler tarapyndan uniwersitetiň mugallymlary we işgärleri üçin niýetlenen ýörite kämilleşdiriş okuwlary guraldy. Okuwlaryň barşynda häzirki zaman barlaghana enjamlaryny netijeli ulanmagyň we sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň amaly usullary öwredildi.

«Lu Ban ussahanasynda» gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň biologiýasy, gözleg işleri we maglumat ulgamlary ýaly möhüm ugurlar boýunça bakalawrlar taýýarlanylar. Bu ýerde bilim aljak ýaş hünärmenler nebitgaz pudagynyň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän tehniki başarnyklary özleşdirerler. Şeýle-de, merkezde professor-mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredildi.

Bu innowasion taslama türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň strategik ähmiýetini bilim ulgamynda hem subut edýär. Täze ussahananyň işe başlamagy nebitgaz we beýleki senagat pudaklary üçin zerur bolan täze nesil hünärmenleriň ýetişmegine itergi berer. Taraplar bu merkeziň iki ýurduň arasyndaky ylmy gatnaşyklary has-da durnukly saklamaga we tejribe alyşmaga uly goşant goşjakdygyny nygtadylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌