Oýun sanawy

Aşgabatda Karaca Container Store dükany açyldy

03 Noý. 12:10

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda türk brendi Karaca-nyň täze görnüşli söwda dükany — Karaca Container Store dabaraly ýagdaýda açyldy. Dükanyň salgysy: G. Kulyýew köçesi, «Haýyrly Senagat» binasy.

Bu täze söwda konsepsiýasy öý üçin niýetlenen innowasion söwda usulyny hödürleýär: bu ýerde müşderiler harytlary adaty sergi zallaryzsyz, görkezme ekspozisiýalarsyz satyn alyp bilýärler. Ähli önümler paletlerde we açyk tekjelerde ýerleşdirilen, bu bolsa alyjylara ähli harytlary göni görmäge we eltip almaga mümkinçilik berýär.

Dükanda 45-den gowrak halkara brendi hem-de Karaca-nyň doly toplumy — gap-gaçlar, aşhana esbaplary, öý dokmasy, bezeg harytlary we ownuk öý enjamlary bar. Bu dükanyň özboluşlylygy ony GDA giňişligindäki iň uly Karaca dükanyna öwürýär.

Dükanyň interýeri häzirki zaman «konteýner» stilinde bezelen bolup, metal konstruksiýalar we minimalistik görnüşler brendiň dinamizmini we täzelik ruhuny görkezýär.

«Karaca Container Store diňe bir dükan däl, eýsem söwda filosofiýasynyň täze görnüşidir. Biz alyjylar üçin amatly, çalt we ylham beriji söwda giňişligini döretmegi maksat edinýäris. Müşderilerimize elýeter bahadan ýokary hilli harytlary hödürlemek biziň esasy maksadymyzdyr» diýip, Türkmenistanda Karaca-nyň resmi franşizasy bolan «Haýyrly Senagat» kompaniýasynyň wekilleri bellediler.

Habarlaşmak üçin: +993 71 800-103 /104, +993 12 753-757

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌