Oýun sanawy


Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrijde hünär derejesini ýokarlandyrmagy dowam etdirýärler
30 Ýan. 11:48Türkmenistanyň bilim ulgamyna wekilçilik edýän wekiliýet Kembrij şäherinde hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryny dowam etdirýär. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi çeşmelerinde habar berilýär.
Wekiliýetiň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri girýär.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekilleri PRESETT ulgamynda ýolbaşçylyk we strategik meýilnamalaşdyrmak boýunça häzirki zaman çemeleşmeleri öwrenýärler, iňlis dilini okatmagyň netijeli usullary boýunça tejribe alyş-çalşygyna gatnaşýarlar hem-de dolandyryş- guramaçylyk tejribeleri bilen tanyşýarlar. Şeýle hem sanly bilim platformalaryny ornaşdyrmak, okuw sapaklaryna syn etmek arkaly amaly tejribe toplamak we dil okuw maksatnamalarynyň gurluşyny döwrebap pedagogik talaplara laýyk getirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bu okuwlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi üçin guralyp, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, öňdebaryjy bilim tejribelerini öwrenmäge we olary Türkmenistanyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Ozal habar berlişi ýaly, hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary 25–31-nji ýanwar aralygynda Kembrij şäherinde geçirilýär.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.
Şeýle hem okanyň