Oýun sanawy

Türkmenistanda ilkinji gezek mümkinçiligi çäkli çagalar üçin inklýuziw bilim taslamasy başlaýar

04 Okt. 06:06

Çeşme

Türkmenistanda ilkinji gezek mümkinçilikleri çäkli çagalaryň umumy bilim ulgamyna doly goşulmagyny maksat edinýän pilot taslama durmuşa geçirilýär. Bu başlangyç Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär.

ÝUNISEF-niň metbugat beýanatyna görä, taslama howpsuz we inklýuziw okuw gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ol mümkinçilikleri çäkli çagalaryň bilime elýeterliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, jemgyýetdäki ynsanperwer çemeleşmäni ösdürmäge we goldaw hyzmatlaryny güýçlendirmäge ýardam eder.

Taslama Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylyp, okuw mekdeplerinde döwrebap inklýuziw usullaryň ornaşdyrylmagyna, degişli kadalaşdyryjy resminamalaryň taýýarlanmagyna we mugallymlaryň taýýarlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik döreder.

ÝUNISEF taslama gatnaşýan mekdepleriň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda, mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün etmekde we okuw gurşawyny elýeterli etmekde goldaw berer. Şeýle hem, taslamanyň çäklerinde mugallymlar, ene-atalar we ýerli jemgyýetçilikler bilen bilelikde jemgyýetde inklýuziw düşünjäni ösdürmek boýunça işler alnyp barlar.

Taslama Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan tassyklanan Inklýuziw bilimi ösdürmegiň Milli konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Bu başlangyç diňe bir bilim ulgamyna täze mümkinçilikleri girizmek bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetde deňlik we kabul edijilik düşünjesiniň ösmegine hem itergi berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌