Oýun sanawy

Forbes zenanlar üçin iň gowy iş berijileriň sanawyny çap etdi: Netflix, Apple we Coca-Cola öň hatarda

20 Okt. 14:30

Forbes žurnaly dünýäniň dürli ýurtlarynda zenanlar üçin iň amatly iş şertlerini döredýän kompaniýalaryň täze reýtingini mälim etdi. Bu seljerme 36 döwletiň çäginde halkara korporasiýalarda işleýän 120 müňden gowrak zenan işgäriniň pikirine esaslandy.

Kompaniýalar birnäçe görkeziji boýunça baha aldy: zähmet hakynyň derejesi, iş we şahsy durmuşyň deňagramlylygy, karýera mümkinçilikleri, iş ýerindäki atmosfera we zenanlara berilýän goldaw. Şeýle hem gender deňligi, diskriminasiýanyň ýoklugy we jemgyýetçilik abraýy göz öňünde tutuldy.

Jemi 400 kompaniýa iň ýokary ballary toplayp, sanawa girmegi başardy. Ilkinji 10-luk şeýle görnüşde ýerleşdi:

  1. Microsoft (ABŞ, programma üpjünçiligi)

  2. Roche Holding (Şweýsariýa, dermanlar we biotehnologiýa)

  3. National Bank of Canada (Kanada, maliýe hyzmatlary)

  4. Hewlett Packard Enterprise (ABŞ, IT hyzmatlar)

  5. IKEA (Niderlandlar, söwda)

  6. L’Oréal (Fransiýa, kosmetika we arassaçylyk)

  7. Deloitte (Beýik Britaniýa, maslahat hyzmatlary)

  8. Nike (ABŞ, egin-eşik we sport harytlary)

  9. Netflix (ABŞ, media)

  10. Apple (ABŞ, elektronika)

Soňky ýyllarda zenanlaryň zähmet şertlerinde öňegidişlik gazanylsa-da, Deloitte Global Women @ Work 2025 hasabatyna görä, 15 ýurtdan sorag edilen 7500 zenanyň diňe 5%-i häzirki iş ýerinde bäş ýyldan gowrak galmagy meýilleşdirýär. Bu bolsa zenanlar üçin has oňat iş şertlerini döretmegiň wajyplygyny görkezýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌