Oýun sanawy


Älem zibilleri Türkmenistanyň hem howa gatnawy üçin barha artýan howp bolup durýar
09 Ýan. 14:23Kosmosdan Ýeriň atmosferasyna gaýdyp düşýän raketa bölekleri we işini tamamlan emeli hemralar raýat awiasiýasy üçin täze töwekgelçilikleri döredýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, kosmos uçuşlarynyň sany artdygyça, şeýle howplar halkara howa ugurlaryna, şol sanda Türkmenistanyň howa giňişligine hem täsir edip biler.
Ylmy barlaglaryň netijelerine görä, kosmos tehnikasynyň uly bölekleri yzygiderli ýagdaýda atmosferanyň dykyz gatlaklaryna girýär. Käbir seýrek ýagdaýlarda olar uçarlaryň adaty uçuş beýikligine çenli aşak düşüp, hereketlendirijiler we uçuş howpsuzlygy üçin howp döredip bilýär. Bu ýagdaý Türkmenistanyň üstünden geçýän howa gatnawlary üçin hem möhüm mesele bolup durýar.
2025-nji ýylda geçirilen seljermeler golaý ýyllarda älem zibilleriniň gözegçiliksiz ýagdaýda howa giňişligine düşmek ähtimallygynyň takmynan 26 göterim artjakdygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, bilermenler halkara derejesinde gözegçilik ulgamlaryny kämilleşdirmegiň, uçuş ugurlaryny öňünden çaklamagyň we raýat awiasiýasynyň howpsuzlygyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. Bu çäreler Türkmenistanyň howa gatnawynyň durnuklylygyny goramak üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň