Oýun sanawy

Eýran bilen GDA ýurtlary erkin söwda zolaklary arkaly ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýar

28 Ýan. 08:20

Çeşme

Tähranda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň wekilleri bilen Eýranyň erkin söwda, senagat we ýörite ykdysady zolaklar boýunça ýolbaşçylarynyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyk sebitde köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça anyk ädimleri kesgitlemäge bagyşlandy.

Taraplar erkin ykdysady zolaklaryň çäginde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňişleýin seljerdiler. Serhetüsti ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem syýahatçylyk alyş-çalşygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu başlangyçlaryň GDA ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, hem-de Eýranyň ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyna garaşylýar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi. «Sarahs — Sarahs» we «Altyn asyr — Inçe-burun» serhet geçelgelerinde ýöriteleşdirilen söwda zolaklaryny döretmek baradaky teklipler seljerildi. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi serhetýaka söwdasyny ýeňilleşdirip, Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmaga şert döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌