Oýun sanawy

Daşkentde «UzFood 2026» halkara azyk sergisi öz işine başlady

03 Aprel. 08:51

Çeşme

Özbegistanyň paýtagtynda azyk senagatynyň we önümçilik tehnologiýalarynyň 25-nji ýubileý halkara sergisi bolan «UzFood 2026» dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri möçberli çäre sebitiň azyk pudagyndaky iň täze gazanylanlaryny we innowasion çözgütlerini jemleýän esasy meýdançalaryň biri bolup durýar. Sergä gatnaşýan kompaniýalar dünýä bazarynda öz orunlaryny berkitmek we täze hyzmatdaşlary tapmak üçin uly mümkinçilik alýarlar.

Halkara sergä Hytaýdan, Türkiýeden, Russiýadan, Gazagystandan we beýleki onlarça ýurtdan gelen önüm öndürijiler gatnaşýarlar. Sergide diňe bir taýýar azyk harytlary däl, eýsem iýmit goşundylary, ingredientler hem-de häzirki zaman önümçilik liniýalary görkezilýär. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy azyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmakda we saklanyş möhledini uzaltmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Çäräniň çäklerinde dürli ýurtlaryň telekeçileriniň arasynda göni gepleşikleri geçirmek üçin ýörite işewürlik zolagy döredildi. Bu ýerde eksport we import amallary, täze söwda ýollaryny döretmek hem-de bilelikdäki kärhanalary gurmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hyzmatdaşlyk platformalary halkara söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine we ykdysady ösüşe ýardam edýär.

Halkara habar beriş serişdeleriniň habar bermegine görä, sergi 3-nji aprele çenli dowam eder. Onuň dowamynda azyk howpsuzlygy, sanly tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy we sarp edijileriň isleglerini kanagatlandyrmak ýaly meseleler boýunça maslahatlar geçiriler. «UzFood 2026» sergisi täze işewürlik taslamalarynyň başlangyç nokady bolmaga şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌