Oýun sanawy

Türkmenistanyň DIM-inde halkara wekillerine döwlet sylaglary gowşuryldy

11 Few. 09:42

Çeşme

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde halkara guramalarynyň wekillerini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» mynasybetli döredilen ýubileý medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada resmi çeşmelerde habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak baradaky Permanyny okap, degişli medallary we ýadygärlik kümüş nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Sylaga mynasyp bolanlaryň hatarynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan bar.

Çykyşynda ministr Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň yzygiderli alnyp barylýan diplomatik işleriň netijesinde halkara giňişlikde giňden ykrar edilendigini belledi.

Şeýle-de daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we Bitaraplyk hukuk derejesini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklary ösdürmekde hem-de dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekde möhüm goşant goşýandyklary aýratyn nygtaldy.

















Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady

09 Sen. 06:24

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.