Oýun sanawy


Türkmen-Hytaý biznes forumy 2026: «Talwas Ýoly» we «Oguz Forum & Expo» Türkmenistanyň Logistika Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
25 Dek. 09:19«Talwas Ýoly» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we «Oguz Forum & Expo» bölümi Türkmenistanyň Logistika Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça resmi ylalaşyk gazandy. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2026-njy ýylyň 28–30-njy apreli aralygynda Türkmen-Hytaý biznes forumy we sergisi geçiriler.
Baglaşylan şertnama forumyň we serginiň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmäge, şeýle hem logistika, ulag, eksport-import ugurlarynda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. «Talwas Ýoly» ÝGPJ we «Oguz Forum & Expo» çäräniň resmi guramaçylary hökmünde çykyş edip, işewürlik maksatnamasynyň taýýarlanylmagy, sergi ekspozisiýasynyň guralmagy, B2B we B2G duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň işewür toparlarynyň gatnaşygyny utgaşdyrar.
Bu halkara çäre Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, logistika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, kompaniýalaryň arasynda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ýurdumyzyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança bolar.
Türkmenistanyň Logistika Assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde onuň agzalary üçin ýörite şertler döredilýär. Assosiasiýanyň agzalary Türkmen-Hytaý biznes forumyna we sergisine gatnaşmak üçin 10 göterim arzanladyşdan peýdalanyp bilerler. Bu başlangyç logistika kompaniýalaryny goldamaga, olaryň halkara derejesindäki ornuny giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň sebitde möhüm ulag-logistika merkezi hökmündäki roluny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmen-Hytaý biznes forumy 2026 baglaşylan hyzmatdaşlyk ylalaşyklarynyň netijesinde halkara işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm tapgyry bolar.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň